• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Apple iOS we OS X üçin iň tapawutly goşundylary hödürleýär

Worldwide Developers Conference 2015 ady bilen işläp taýýarlaýjylar üçin geçirilen konferensiýada Apple kompaniýasy däp boýunça Apple Design Awards nominasiýasynyň ýeňijilerini yglan etdi. Nominasiýada iň owadan goşundylar we Kupertinodaky korporasiýanyň özüniň pikirine görä, iOS we Mac üçin iň enaýy (täsin) oýunlar goýlupdyr. Ýeňijileriň arasynda Shadowmatic kölegeli tapmaçalar, Vainglory atly kän oýnalýan oýun, ady belli Crossy Road atly arkada, Robinhood atly aksiýalaryň kursuny yzarlaýjy programma we ady belli Fantastical 2 atly kalendar bar.

Apple Design Awards (iOS и Mac) nominasiýasynyň ýeňijileri diýip şu aşakdakylar yglan edildi:

  • Shadowmatic [iOS]
  • Robinhood [iOS]
  • Crossy Road [iOS]
  • Workflow [iOS]
  • Does Not Commute [iOS]
  • Vainglory [iOS]
  • Pacemaker [iOS]
  • Metamorphabet [iOS]
  • Fantastical 2 [Mac]
  • Affinity Designer [Mac]