• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Älem Kassini enjamy Saturnyň atmosferasyna aralaşmasyna taýynlyk görülýär

NASA-nyň älem aparady “Kassini” Saturnyň orbitasyna aralaşyp we halkasyndan hemralaryna gözegçilik edip 10 ýyl geçirdi. Indi oňa berlen missiýany üstünlikli tamamlamagy üçin bir ýyl töweregi galdy, ol her dürli manýowrlar edip öň alymara elýeteli bolmadyk Saturnyň syrlaryny açyp berdi. Ekispedisiýa gaz äpediniň atmosferasyna “Kassini”-niň batly gaçmagy we heläk bolmagy bilen tamamlanar.

“Kassini”-niň soňky missiýasy 2017-nji ýylyň aprel aýynda başlar: zond planeta golaýlaşar, ýagny taryhda kosmiki aparatlaryň hiç biriniň barmadyk aralygyna – Saturnyň merkezinden 64 müň kilometr töweregi uzaklyga barar.

Ekspedisiýa döwründe alnan maglumatlar käbir fundamental soraglary, ýagny daş ýadroly planetalaryň döreýşi ýaly asman jisimleriň gadymy syrlaryny çözmäge golaýladar. Şeýle hem astronomlar alnan maglumatlardan Saturnyň gije-gündiz dowamlylygyny anyklamak, howa şertlerini we planetanyň aýlanma tizligini kesgitlemek, grawitasiýasy we magnit meýdany baradaky maglumatlary anyklamagy meýilleşdirýärler.

Şeýle ýakyn aralykda “Kassini”-niň gurallary planetanyň atmosferasy we ionosferanyň düzümi, radiýasiýa guşagy barada adaty bolmadyk giňişleýin maglumat ýygnar, şeýle hem halkalaryň takyk massasyny bilmek üçin dartyş güýjüni ölçär (bu maglumat olaryň ýaşyny anyk kesgitlär). Bulardan başga-da, alymlar D halkanyň içinden has giňişleýin suratyny alarlar.

10 ýyl işländen soňra aparadyň ýangyjy doly harçlanyp barýar. Ol ýerli bakteriýalara zyýan ýetirmezlik üçin atmosferada ýanar. Missiýasyny 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tamamlar. Soňky minudyna çenli “Kassini” maglumat bermegini dowam eder. Alymlar aparat bilen “gynanç we buýsanç” bilen hoşlaşarys diýip belläp geçdiler.