• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

2018/2019-njy okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy).
2. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty).
3. Sosiologiýa we sosial iş (taýýarlygyň ugry: sosiologiýa).
4. Filosofiýa we etika (taýýarlygyň ugry: filosofiýa).
5. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: žurnalistika).
6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi).
7. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy).

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça bir ýyl dil öwreniş bölüminde taýýarlyk geçeninden soňra, iňlis dilinde alnyp barlar. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärleriň dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden, bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamaklyga mümkinçiligi bardyr.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 25-26-sy, 28-i we 30-y günleri
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 31-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 29-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 5-i günleri
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8-i günleri
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 9-y we 10-y günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

filosofiýa; sosiologiýa; halkara jemagat hukugy; halkara hususy hukugy; halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty taýýarlyk ugurlary — iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

žurnalistika taýýarlyk ugry — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

halkara ykdysadyýeti; halkara menejment; halkara maliýe; ätiýaçlandyryş işi; halkara täjirçiligi; kompýuter tehnologiýasy; kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy taýýarlyk ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil öwredýän derslerden başga, ähli dersler boýunça giriş synaglary döwlet we/ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär. Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini tabşyrýarlar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958 (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy; tel.: 39-85-62, 39-85-25.