• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

DAŞOGUZYŇ BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Başlangyç  synplarda  okatmak.

 2. Mekdebe  çenli  bilim  we terbiýe.

Mugallymçylyk  mekdebine  Daşoguz  welaýatynda  hemişelik  ýaşaýan  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  Türkmenistanyň  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Daşoguz  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy  iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada  direktoryň  adyna  ýazylan arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  bilim  barada  resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we  derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;  — soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş  toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny; 

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.  Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç hukukdan  peýdalanýandygyny tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş  kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  2017-nji ýylyň  iýul  aýynyň  30-31-i,  awgust  aýynyň  2-3-i we 5-6-sy günlerinde  B.Seýtäkow  adyndaky  Mugallymçylyk  mekdebinde  (Daşoguz  ş.)  geçirilýär.  Giriş  synaglary  ähli  hünärler  boýunça  matematika,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň  tertibinde  bellenilen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.

Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň  mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar:

— saýlan   hünäri  boýunça  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;

— çagyryş  boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Daşoguzyň  Beki  Seýtäkow  adyndaky  Mugallymçylyk  mekdebiniň  salgysy:  Daşoguz  ş., Alp Arslan  köçesi,  20;  tel.: 5-21-09.