• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Öý gurýan robot

Awstraliýaly inžener Mark Piwak özbaşdak kerpiç örip bilýän mehaniki robotizasiýalaşdyrylan eli oýlap tapdy. Bu barada Awstraliýanyň “ News.com.au” portaly ýazýar. “ Adrian” (Hadriane) diýlip atlandyrylýan robot sagatda 1 müň kerpiç  örýär we ýylda 150 töweregi jaý gurmaga ukyply. “Adrian” –yň işlemegi üçin gurulýan binanyň kompýuter modeli zerur bolup, ol öz algoritmleri esasynda örülmeli her bir kerpiçiň ýagdaýynda hasaplap çykarýar. Piwak öz işiniň üstünde on ýyldan gowrak zähmet çekdi we 7 million dollar sarp edildi. “ Adrian” – yň  satuwy günbatar Awstraliýada başlar. Robotyň bazara çykjak wagty barada häzirlikçe maglumat ýok.

 

Agza: Graf tarapyndan