• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

GhostShell hakerleri jenaýatly hereketlerine gaýdyp gelendikleri barada habar berdiler

Soňky iki günüň içinde bu haker toparlary bütin dünýä boýunça dürli web resurslara müňden gowrak kiberhüjümleri etdiler

GhostShell haker topary köp wagtdan soň özleriniň jenaýatçylykly hereketlerini gaýtaladylar, bu barada olar özleriniň Twitter sahypalarynda soňky günleriň dowamynda birnäçe kiberhüjümleri edendikleri hakynda habar beripdirler

Symantec kompaniýasynyň we ZDNet neşirýatynyň maglumatlaryna görä, GhostShell haker topary koreý we ýapon web saýtlaryna, halkara bilim portallaryna, uniwersitetleriň we syýahatçylyk kompaniýalaryň resurslarynyň müňlerçesine kiber hüjümler edipdirler.

Päliýamanlaryň aýtmaklaryna görä, bu abraýdan gaçan uniwersitet saýtlarynyň içinde Günorta Koreýadaky, Prinstondaky, Delidäki, şeýle hem Merilan ştatyndaky uniwersitetleriň resurlsary hem bar.

Hakerleriň alan maglumatlarynyň içinde elektron poçtalaryň salgylary, atlary, fiziki salgylar, telefon nomerler, doglan günler we beýleki ulanyjylar hakynda maglumatlar bar. Symantec kompaniýasynyň hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, käbir ýagdaýlarda jenaýatkärleriň eden işlerinde kän bir kynçylyk çekmändirler, sebäbi gurban bolan ulanyjylar ýönekeý gorag parollaryny ulanypdyrlar, mysal üçin 123456.