• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №3

Stiw Woznýak

ATS-iň gorag mehanizmlerini döwüp, dünýäniň islendik künjegine mugt jaň edip bilipdir.

Woznýak ol Apple-daki “ýene bir Stiw” ady bilen meşhurdyr. Woznýak ol Stiw Jobs bilen deň hatarda Apple Computer-i esaslandyryjydyr. Ol tehnologiýa ugry boýunça ABŞ-nyň milli medaly bilen sylaglanan, şeýle-de “Kettering Univercity” we “Nova Southeastern University” uniwersitetleriniň hormatly doktorlyk derejesini alan. Mundan başga-da, 2000-nji ýylda Woznýak Milli Şöhratlar Zalynda oýlap tapyjylaryň hormatly sanawyna goşuldy. Ol öz hünärini şäherara telefon gepleşiklerini tölegsiz mümkinçilik berýän ýasama elektron desgalaryny ýasamak bilen (“gök bukja”) başlady. Esquire žurnalynda çykan telefon kezzapçylygy baradaky makalany okap, Woznýak öz dosty Jobsa jaň edýär. Ikisi bilelikde radioýygylyklary öwrenip, şäherara jaňlary üçin öz “gök bukjalaryny” döredýärler. Bu enjamy ýasanlaryndan soň olar kollejdäki kursdaşlaryna satýarlar. Woznýak kämahal özüni Genri Kissindžer diýip, Rim Papasyna hem jaň edipdir.

Woznýak kolleji taşlap, ony meşhur eden kompýuteri oýlap tapýar. Kompýuteri doly ýygnap, işe taýýar edip satmak – bu bir onuň üçin gowy pikirdi. Ol özüniň ýüregine ýakyn bolan inženerlik kalkulýatoryny satýar, a Jobs bolsa Wolksvagen furgonyny. Olar bu pula Jobsyň garažynda kompýuterleriň prototipini ýygnamak üçin jemläpdiler. Woznýak enjamlary proýektleşdirýär we birnäçe programma üpjünçiliklerini döredýär. Woz.org saýtynyň “Hatlar” bölüminde Stiwen şeýle ýatlap geçýär: “Biz Ed Roberts, Bill Geýts, Pol Allen we başga-da müňlerçeler ýaly iş etdik, ýöne bize hiç kim kömek etmedi”.  Woznýak we Jobs “Apple I” kompýuterleriň ilkinji partiýasyny ýerli dilere her ekzemplýary üçin 666,66 ABŞ dollaryna satýarlar.

Woznýak häzir Apple-de gije-gündiz işlänok, ol indi esasy ünsi haýyr-sahawata üns berýär. Onuň edýän haýyr sahawatynyň iň esasy nusgalarynyň biri Kaliforniýadaky Los Gatos şäherindäki (Los Gatos School Disctrict) mekdebidir. Woznýak şol şäherdäki mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny häzirki zaman tehnologiki enjamlar bilen üpjün edýär.