• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Täze iň kiçi smartfon

Smartfonlaryň peýda bolmagy bilen ilki göwrümi kiçelen el telefonlary gaýtadan ulalyp başlapdy. Müşderileriň käbiri satuwa çykarylan “Iphone SE”-niň 4 dýuýmlyk ekranyny hem ýeterlik derejede uly hasaplamadylar. Emma “Posh Mobile” kompaniýasy dünýäniň iň kiçi smartfonyny satuwa hödürledi. 2,4 dýuým ekranly “Micro X S240” atly smartfon “Amazon” elektron söwda saýty tarapyndan satuwa hödürlendi. Häzire çenli şeýle kiçi smartfon tapylmandy. Mundan ozalky iň kiçi “akylly” telefon 2007-nji ýylda tanyşdyrylypdy. Häzire çenli bu rekordy elinde saklaýan “LG Voyager” modeliniň ululygy 2,81 dýuým. Täze rekordsmeniňekranynyň durulygy 240x432 piksel. Onuň gabarasynyň ölçegi 89,8x47,8x11,7 mm.

“Android 4.4 KitKat” amaly ulgamy bilen hödürlenen enjamyň RAM-y 512 MB, içki ýady 4Gb. Ony microSD arkaly 32GB-a çenli köpeldip bolýar. Onuň yzky kamerasy 2MP, öňki kamerasy VGA durulygynda. Ululygy bank kartlaryna deňeçerräk bolan enjamyň 3G nusgasy kompaniýanyň çäklerinde 52,55 dollardan, adaty bahasy 89,99 dollardn satylýar. Kompaniýanyň çäklerinde 42 göterim arzan hödürlenýän enjam iň köp satylýan harytlaryň hataryna goşuldy. Ol batareýasynyň uzak wagta çydamlylygy bilen hem tapawutlanýar.