Häzirki wagtda ýol hereketinde elektroulaglar azda-kände peýda bolan hem bolsa, olaryň zarýadynyň uzak aralyga ýetmeýänligi sebäpli şäherara ýollarda ulanmak üçin entek amatly hasaplanmaýar. Uzak aralyga niýetlenen, üstüne Gün paneli ýerleşdirilen elektroulaglaryň taslamasy bar hem bolsa, olaryň Gün panelleri az mukdarda elektrik energiýasyny öndürip bilýär. Bu Gün panelleri ulagyň barmaly menzilini örän az mukdarda uzaldyp bilýär we bu awtoulag 2019-njy ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Elektroulag önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýa hasaplanýan “Toyota”-nyň “Prius” modeliniň üstüne ýerleşdirilen panel onuň barjak ýerini bary-ýogy 6 km uzaltmaga mümkinçilik berýärdi. Şol sebäpli daşky gurşawa zyýansyz, emma uzak aralyga gitmäge ukyply ulag hökmünde ýangyjyň iki görnüşi bilen işleýän gibrid ulaglaryň birnäçe modeli hödürlenipdi.
Gün şöhlesiniň kömegi bilen hereker etjek “Lightyear One” awtoulagy ilkinji nobatda bu ulagyň 10 sanysy satuwa çykarylar. Bu bolsa Gün energiýasy bilen goldanylýan elektroulag (SAEV) düşünjesiniň döremegine getirdi. Ýagny adaty elektroulagyň üstündäki panel ulagyň baryp biljek ýerini birnäçe ýüz kilometre çenli artdyrar.