• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaýda dünýäde iň uly teleskopyň gurluşygy tamamlandy

3-nji iýulda dünýäde iň uly teleskop bolan FAST teleskopynyň esasy fazasynyň gurluşygy tamamlandy. FAST gigantynyň diametri 300 metre ýetýär we häzirki wagta çenli hem iň ululylaryň biri şol boldy.

Sinhua habarlar agenstwasy, bu teleskop hytaý astronomlarynyň hakyky gözleg abzaly bolandygyny habr berýärler. Ilkinji barlaglar eýýäm sentýabr aýynda başlanar diýlip garaşylýar.

Bu dünýädäki iň uly teleskopyň gurluşygy 5 ýyla çekdi, a gurluşyk başlamazyndan öň bolsa hünärmenler 10 ýyla golaý onuň hasabyny ölçäp iş geçirdiler. Iş güýçli depginde ýerine ýetirildi, müňläp alymlar we inženerler 2011-nji ýyldan bäri Guýçžou welaýatynyň jülgesinde ýaşadylar we üznüksiz zähmet çekdiler.

 

Teleskop alymlara adaty däl älem jisimlerine gözegçilik etmäge kömek eder, ýerden daşardaky siwilizasiýalary gözlemekde hem peýdaly bolar. FAST telskopynyň bahasy 180 million ABŞ dollaryna barabardyr.

Bu teleskopyň gurluşygy – Hytaýyň älem ululygy programmasynyň bölegidir. Olaryň geljekki meýilnamalarynda – özleriniň hususy älem stansiýasyny gurmakçydyklary, amerikan teleskopy bolan “Habbl”-dan 300 esse güýçli älem teleskopyny döretmek göz öňünde tutulýar.