• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

WattUp enjamynyň 4 metre çenli aralykdan zarýat bermäge mümkinçiligi bar

Inženerler birnäçe wagtdan bari simsiz zarýat beriji enjamy döretmegiň ugrunda işläp gelýärler. Sebäbi biz enjamlara zarýat berýän halatymyzda ulanmakçy bolsak, tok çeşmesiniň golaýynda oturmaly bolýarys. Bu bökdençligi aradan aýyrmak üçin hem inženerler uzakdan simsiz zarýat beriji enjamy oýlap tapdylar.

         WattUp täze zarýat beriji enjamyň 4 metre çenli ýerleşen birnaçe enjamlara zarýat bermäge mümkinçiligi bardyr. Bu enjam ABŞ-nyň Kaliforniýa ştadyndaky Energous kompaniýasy tarapyndan döredilip, ABŞ-nyň federal aragatnaşyk kompaniýasy bolan FCC tarapyndan demirgazyk-Amerikanyň teretoriýasynda satuwa çykarmaga rugsat edilendir. Bu enjam ykjam telefonlara we şuňa meňzeş enjamlara (гаджет), ýagny radiotolkunlary kabul edip bilýän enjamlara zarýat bermäge mümkinçiligi bardyr. Enjamyň maksimal zarýat berip biljilik aralygy 4.5 metre barabardyr. Bu enjamy eýýäm 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 9-na geçiriljek CES 2018 elektronika sergisinde görkezilişe çykarylar.