• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýolagçy gatnadýan dron

Hytaýyň “Ehang” kompaniýasy dünýäniň ilkinji ýolagçy dronyny tanyşdyrdy. Kiçi göwrümli sürüjisiz uçýan enjamlar 48 perli “Ehang 184” atly enjamyň daşky görnüşi kiçi göwrümli dikuçary ýada salýar. Ol ýerden 3,5 kilometre çenli ýokary galyp bilýär we 23 minut uçup bilýär. 100 kilograma  çenli agramy göterýän dron sagatda 100 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýär. Ýerde 300-500 metr ýokardan uçmaga niýetlenen dronyň sekiz sany elektrik energiýasybilen işleýän hereketlendirijisi bolup, jemi 142 at güýjüne barabar kuwwaty bar. Onuň batareyasynyň dolmagy üçin 2 sagat gerek. Dolandyrmak diýseň aňsat bolan enjam sensorly ekran arkaly barjak ýeri kesgitlenýär. “Ehang 184”-iň 200-300 müň dollar bahadan satylmagyna garaşylýar. adatça, dronlar kameralar bilen üpjün edilip, wideoýazgylary almak, surata düşürmek, kiçi göwrümli ýükleri gatnatmak üçin peýdalanylýar.