• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ylym we tehnologiýa,Uçýan awtoulag satuwa çykýar

Hytaýyň  “Geely” kompaniýasynyň eýeçiligindäki “Terrafugia” täze işläp düzen uçýan awtoulagyny golaýda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Uçýan awtoulaglar birnäçe ýyldan bäri işlenip düzülýär. Olaryň gündelik durmuşda ulanylmagy barada dünýä ýurtlarynyň arasynda entek belli bir umumy kada ýok hem bolsa, şu aýda  şeýle ulaglaryň satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Ulag, ilkinji nobatda, diňe amerikan bazarynda satylar. Onuň bahasynyň näçe boljakdygy entek mälim edilmedi. Sagatda 322 km tizlik bilen hereket edip bilýän  ulagyň uçup bilýän iň uzak aralygy 805 km. Satuwa çykarylan ilkinji uçýan awtoulag boljak “Terrafugia” mundane ozal eplenýän ganatly, dört tigirli,iki orunlyk modeliköpçülige görkezipdi. Merkezi Massaçusetsde ýerleşýän “Terrafugia”  şeýle ulagy ilkinji bolup synagdan geçiren şereketleriň biridir. Ulag geçen ýyl ýurduň federal awiasiýa  edarasyndan (FAA) degişli tassyknama alypdy. Hytaýyň “Geely” kompaniýasy 2010-njy ýylda “Volvo” şwed şereketini hem satyn alypdy. Uçýan awtoulaglary kämilleşdirmäge şwed şereketiniň goşulyp goşulmajakdygy häzirlikçe mälim edilmedi.