• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň gowy ýazyjylaryň dörtlügi belli boldy

Iň gowy ýazyjylaryň dörtlügi belli boldy Bilşimiz ýaly,üstümizdäki ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy käbir sebäplere görä,şwed akademiýasynyň karary bilen gowşurylmady.Ýöne akademiýa geljek ýylyň 10-njy dekabrynda 2018-nji we 2019-njy ýyllaryň Nobeliň edebiýat baýragynyň eýeleriniň adyny birbada mälim eder.
Şu ýagdaýlar nazara alnyp,şwed ýazyjylarynyň tagallasy bilen täze akademiýa döredilip, oktýabr aýynda öz baýragyny gowşurmagy meýilleşdirýändigi ozal habar berlipdi. 2018-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň ýerine goşmaça baýrak gowşurmagy niýet edinýän täze akademiýaöz saýtynda finalçylaryň sanawyny mälim etdi.Onda esasy dört awtor öňe saýlanyp, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan tanalýan ýazyjylardyr.Iň gowy ýazyjylaryň dörtlügi şulardan ybarat: Haruki Murakami (Ýaponiýa).Nil Geýman (Beýik Britaniýa).Mariz Konda (Fransiýa),2015-nji ýylda “Buker” baýragynyň gysga sanawyna düşdi. Kim Thuy  (Wýetnam – Kanada), wýetnamly immigrant özüniň “Ru” atly ilkinji romany bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Täze akademiýanyň saýtynda bellige alnan 47 ýazyjynyň iň gowularyna 30 müňdengowrak okyjy ses berdi. Indi emin agzalary baýragyň eýesini saýlamaly. Ýeňiji12- nji oktýabrda mälim edilip, ony dabaralysylaglamak 9-njy dekabra  bellenildi.Häzirki wagtda täze akademiýa dabarany geçirmek üçin  serişde ýygnaýar, hem-de ýeňijiniň suratyny çekip,sowgat etjek ussat suratkeşi gözleýär.