• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Android 5.0 Lollipop (Horaz süýji)

Hormatly okyýjylar  hemmämiziň köp wagtlap Android L ady bilen emma Adroid 5.0 Lollipoop ady bilen çykan Google-yň täze işletme sistemasy barada aýdalyň.

Android Lollipop-yň aýratynlyklary:

Android Lollipop-yň interfeýsinden aýdyp başlasak, hemme programmalar we hyzmatlar  “Material Design” ýagny material bezegiň aşagynda täzelenen görnüşde. Iterfeýs bilen birlikde suratlar, fontlar, ýagtylyklar we hemme görkezmeler hasam arginal  ýagdaýda görünýär. Bir programmadan başga programma geçeniňizde ýüze çykýan animasiýa hereketleri Android-yň ýyllap tankytlanan ejiz dizaýynna jogap boldy.

Android Lollipop-da bellikler(zamentkalar) bloklanan ekrandada görüp bolýar. Bellikleri bir barmak hereketi bilen ýapyp bolýar. SMS-lary ekrany blokdan açman jogap berip bolýar. “Priority” funksiýasyny ulanyp islän programmaňyzdan geljek bolan bellikleri saýlap bilersiňiz.

Android Lollipop-yň ukuplylygy öňki wersiýalara garaňda 4 esse çalt işleýär.

Android lollipop bilen birlikde  SELinux aýratynlykly şifirlenen ýazgam  goýlar. Android Smart Lock aýratynlygynda bolsa haçanda telefon awtoulaglar ýa-da akylly sagatlar bilen baglanşyga geçende awtomat ýagdaýda açylýar. “OK Google” funksiýasy bilen telefona eliňi degirmän sms, hat jogaplaryny yazyp bolýar we internet saýtlaryny arkaýyn ulanyp bolýar.