• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

ÝB (Ýewropa Bileleşigi) döwletleri Ýaponiýa döwleti bilen täze 5G standartyny ösdürmek üçin bileleşdiler

Ýakynda Ýewropa Bileleşigi  Ýaponiýa bilen täze  5G standartyny döretmek we ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglanşdylar. Ýaponiýa döwletini öňde baryjy tehnologiýalar ulgamynda liderligini göz öňünde tutsak ÝB-niň ýaşaýjylarynyň ýakyn wagtda 5G standartynyň hyzmatyndan peýdalanjakdygyny aýdyp bolar. Öz wagtynda ÝB-de 3G ulgamynyň döredilmagine we ösmegine badalga berilipdi, emma 4G ösdürmek üçin Ýaponiýa we ABŞ öz goşantlaryny goşdylar. ÝB –de 5G ulgamynyň 2020-nji ýyldan bärde ulanyşa girizilmejekdigini göz öňünde tutup, täze ulgamyň 4G tehnologiýasynyň taryhyny gaýtalamajakdygyna ynam bildirýärler (onuň işe goýberilşi bir näçe gezek yza süýşirlipdi). Türkmenistanda 4G resmi taýdan 2013-nji ýylda işe girizildi.

ÝB 5G standartynyň ösmegi üçin eýýäm bir näçe maýa goýumlary goýdy, şol sanda Günorta Koreýa we bu tehnolgiýany ösdürmek isleýän beýleki kompaniýalar bilen birnäçe şertnamalar baglanşdy.  Ýaňy-ýakynda Ericsson kompaniýasy 5G tehnologiýasyny synag etmegiň çäklirinde maglumat geçiriş tizligini 10 Gbit/sek –dan geçirmegi başardylar. Elbetde laboratoriýa synaglarynyň hakykat ýüzindäki ulanyljak infrastrukturadan epesli tapawudy bardyr. Emma muňa garamazdan ÝB-niň 5G standartyny ösdürmek baradaky topary bu standarty goldaýan enjamlaryň her biriniň ýer ýüzindäki ähli 5G ulgamynda işlejekdigine ynanýarlar.