• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Amazon goşmaça hakykat aýnasyna patent aldy

Soňky wagtlarda wirtual we goşmaça hakykat görlüp-eşdilmez derejede meşgurluga eýe boldy. Amazon kompaniýasy hem öz gezeginde akylly AR-aýnasyna patent aldy. Kompaniýa bu aýnany müşderilerine eginbaşlary saýlamakda peýdalanmakçy bolýar. Şeýle aýnanyň üsti bilen müşderiler özlerine gerek eginbaşy saýlap, gönüden-göni aýnada özlerine bu eginbaşy geýilgi ýagdaýda seretmäge mümkinçilik alyp bilýärler.

Aýnada ýörüte MENU ýerleşdirilip, bu ýerden saýlanan eginbaşyň hili baradaky we beýleki gerekli maglumatlary hem bilmek bolar. Ondan başgada akylly aýna müşderilere saýlanan eginbaşyň haýsy reňkiniň, haýsy howa şertlerinde, garaňkylykda we ýagtylykda nähili gelişjekdigini synlap bilerler. Akylly aýna şeýle mümkinçilikleri özündäki ýerleşdirilen duýgur kameralaryň üsti bilen döretýär.