• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iki ekranly smartfon

Russiýada işlenip düzülen we Hytaýda öndürülen “YotoPhone 2” hytaýly alyjylara ýetirildi.Bu telefon dünýäde ilkinji iki ekranly telefon hasaplanýar. Onuň bahasynyň 788 dollardygy aýdyldy. “Android 4.4.3” amaly ulgamynda işleýän smartfonyň 2GB RAM-y, 32 GB içki ýady 2.500 mAh batareýasy, “Bluetooth 4.0” we NFC ýaly aýrarynlyklary bar.Enjama 2megapiksel öňki we 8 megapiksel yzky kamera ýerleşdiri-lipdir.Smartfonyň öň tarapyndan 5 dýumlyk adaty ekran bar.Ol “ FUL HD” ( ýokary durulyk) çözüşli bolmagy bilen tapawutlanýar.Onuň ekrany çyzylmaga we ugra çydamly bolan “Gorilla Glass 3” bilen gaplanypdyr.Telefonuň iň üýtgeşik aýratynlygy onuň yzky ekrany elektron syýa tehnalogiýasy peýdalanylýar.Onuň ululygy 4.7 dýum.Durulygy bolsa, 960x540 piksel.Bu ekran ulanyjylara 5 güne çenli batareýany ulanmaga mümkinçilik berýär. Elektron kitaplarda hem bolan bu tehnalogiýa energiýany diýseň ujypsyz sarp edýär.Bu bolsa, ony has uzak wagtlap ulanmaga ýardam edýär. Onuň haýsy ekranyndan peýdalanjakdygyny ulanyjynyň özi kesgitleýär.Telefonuň ýakyn geljekde ABŞ-da beýleki ýurtlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.