• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

17 million dollarlyk köwüş

Dubaýyň  “Burj Al Arab” binasynda bahasy 17 million dollara deň bolan iň gymmat köwüş köpçülige  hödürlendi. Birleşen Arap Emirlikleriniň ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, “Passion  Diamond”atly zenan köwşi sap altyndan taýýarlanyp, onuň her bir taýyna 15 karatlyk göwher bezeg berýär.  Bitewülikde alanyňda, bu özboluşly köwüş 236 sany göwher bilen jäheklendi. “Jada Dubai” kompaniýasy  göwher, lagyl, altyn we dür bilen bezelen iň soňky kolleksiýasyndan ýene- de üç sany köwşi hödürleýär.  Täze kolleksiýa 25 müň dollarlyk “Diamond Pearl Stilettos”, 27 müň dollarlyk “RubyStilettos” we 17 müň   dollarlyk “Diamondand Gold Stilettos” atly köwüşleri öz içine alýar.