• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Lorenso sanawyň lideri

Moto GP-de möwsümiň 5-nji bäsleşigi Fransiýanyň Le Man şäherinde geçirildi. 4,2 kilometrlik trassadaky 28 aýlawlyk ýaryşda Horhe Lorenso ýeňiji boldy. “Mowistar Ýamaha” toparynyň ispan piloty ilkinji hatardan başlan bäsleşigini 43 minut 51,290 sekuntda tamamlap, ol şu möwsümde 2-nji sapar münberiň çür depesine çykdy. Fransiýa “Gran Prisinde” Lorensonyň topardaşy, italiýaly meşhur pilot walentino Rossi ýeňijiden 10,654 sekuntlyk az netije görkezip, 2-nji ýeri eýeledi. 3-nji orna garaşylmadyk ýagdaýda “Suzuki Ekstar” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mawerik Winales mynasyp boldy. Ol Lorensodan 14,177 sekunt yza galdy.

Şu ýaryşdan soň, utuk sanyny 90-a çykaran Horhe Lorenso 1-nji basgançaga beýgeldi. 16-njy aýlawda kiçeňräk awariýany başdan geçirip, 13-nji ýeri eýelän Mark Markes 85 utuk bilen 2-nji, 78 utukly Walentino Rossi 3-nji orunda barýar. Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 22-nji maýda Italiýada geçiriler.