• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Geljekde kosmos giňişligindäki peýdaly gaty gazma baýlyklar özleşdirilip başlanylar

Amerkan kompaniýasy Planetary Resources kosmos giňişligine barlag üçin enjam uratdy. Bu tehnologiýanyň maksatlary kosmos giňişligindäki peýdaly magdanlary özleşdirmek üçin niýetlenilendir.

Planetalary Resources kompaniýasy 2010-njy ýylda “Arkyd Astronautics” atly enjam döretdi. Bu enjam ýere golaý asteroidlary hem-de  olaryň düzümindäki peýdaly magdanlaryň mukdaryny kesgitlemek üçin döredilipdi. Bu enjam ilkinji sapar 2014-njy ýylda kosmosa ugradyldy. Ýöne ol gezek synanşyk şowsuz boldy. 2015-nji ýylda ikinji gezek enjam Arkyd 3 Reflight ýük göteriji arş gämisine ýerleşdirilip arşa çykaryldy. Enjam birnäçe 3D suratlary ýere ugradyp asman jisimlerini öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Bu enjamyň kömegi bilen alymlar asman jisimlerinden çykýan infragyzyl şöhleleriniň  spektoryny,  onuň temperaturasyny we düzümini öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Öwrenilen asman jisimleri suratdan görnüşi ýaly enjamyň kömegi bilen tutup alyp özleşdirmäge synanyşýarlar.

Geljekde bu ugur boýunça asman jisimleri özleşdirmek bilen adamzat özüniň  mineral we tebigy resurslaryny tygşytlamaga hem-de taze energiýa çeşmelerini özleşdirmäge mümkinçilik alyp biler.