• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

CLIP-AIR UÇAR-OTLYSY ÝARYM ASYRDAN PEÝDA BOLAR

Geljekde bir wagtda uçar hemde otly bolup bilýän transport serişdesi oýlanyp tapylar. Ýagny otlynyň wagonlary uçaryň aşaky bölegine berkidirlip, bir ýerden beýleki bir ýere göçüriler.Bu taslama Clip-Air ady bilen belli bolup, Şwesariýanyň ylmy merkezleri tarapyndan taslanylýar. Bu konstruksiýa 4 bolekden ybarat bolup, 3 sany ýolagçy kapsulasyndan hem-de 1 sany ýangyjy hemde ýüki götermek üçin esasy uçujy bölekden ybaratdyr.

Bu 4 bölekden ybarat bolan transport serişdesi uçyşy tamamlandan soňra, demir ýoluň kömegi bilen öz ýolagçylaryny gerekli ýerlere äkitmäge mümkinçiligi bolar.Bu gurluşyň uçar bölegi iň gymmatly bolegi bölup, onuň ini 67 metre barabardyr. Her bir kapsula bolsa 30 tonna ýük göterjilige ýa-da  450 ýolagçyny  gatnatmaga niýetlenendir. Bu bolsa Airbus A320 uçary bilen bäsdeşip biler.

Clip-Air taslamasyny  Şwesariýanyň Lozanne (Swiss Federal Institute of Technology in Lausanne) tehniki instituty işläp taýýarlaýar. Institutyň alymlary ýene 40-50 ýyldan bu taslamanyň has kämil görnüşleriniň ulanyşa çykyp başlajagy barada habar berýärler