• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

2-nji sowal “topjagaz”

Bizde a, b, ç, d, e, f topjagazlary bar. Şulary biziň hödürleýän düzgünimize görä ýerleşdireris. Aşakda size çyzyjaklar hödürleýäris.

__ __ __ __ __ __

Ýokardaky çyzyjaklaryň düzgünleri bolsa ine aşakda görkezilen:

1. “a” topjagazymyz “b”-niň çepinde;

2. “b” topjagazymyz “ç”-den 3 topjagaz sagda;

3. “ç” topjagazymyz “d”-niň sagynda;

4. “d” topjagazymyz “e”-niň ýanynda;

5. “e” topjagazymyz “a” topjagazdan 2 topjagaz aňyrrakda.

Şeýlelikde ýene-de “f” topjagazy bar we bizi şu topjagazymyz tertip boýunça nireräkde ýerleşmeli bolar?

Jogaplaryňyza garaşýarys!!!