• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Akylly” kontaktly linzalar ýa-da gözdäki mini kompýuter

Alymlar tarapyndan integrirlenen diodçyraly maýyşgak kontakt linzalar oýlanyp tapyldy. Elbetde, bu häzir diňe prototipdir. Ýagny, Google kompaniýasynyň özüniň kompýuter üçin niýetlenen  Glass enjamyny toplumlaýyn satuwa çykaran mahaly, günorta koreýaly konkurentleri  kontakt linzalaryna dakyp bolýan şuňa meňzeş enjamy işläp başladylar.

Şuňa meňzeş proýektler öň döredilipdi we medisinada üstünlikli ulanylypdy. Mysal höküminde, gözüne gara suw inme keseli (glaukoma) bilen kesellän näsagyň gözüniň içindäki gan basyşy (dawleniýa) monitoring edýän linza. Ýöne onda ulanylýan materiallar dury däldi (prozraçnyý) we çala maýyşgakdy.

ULSAN (UNIST) institutynyň hünärmenleri bu oblastyň ýokary derejesine ýetdiler, olar gözleg işlerini Samsung kompaniýasy bilen we beýleki gyzyklandyrma bildiren kompaniýalar bilen bilelikde geçirdiler. Durulygy we maýyşgaklygy üpjün etmek üçin nanotehnologiýa ulanypdyrlar.

Linzanyň bu döredilen prototipi ilki bilen towşanlarda test geçiripdirler, sebäbi towşanlaryň gözleriniň ölçegi  adamlaryň gözleri bilen deňeşdirip bolýar.  Towşanlar linzany 5 sagat dakypdyrlar, netijede gözüniň örtügini gyjyndyrmak ýaly faktorlar hiç hili ýüze çykmandyr. Alymlar muny Google Glass bilen birikdirmekligi özlerine maksat edinýärler. Emma bu häzirlikçe ýöne bir pikir, onuň üstünde işlemeklik üçin birnäçe wagt gerek boljak.