• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejisi artýar

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry öz gir­de­ji­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­dy. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung” fir­ma­sy 2015-nji ýylyň üçün­ji çär­ýe­gin­de je­mi 45,6 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­zan­dy. Ge­çen üç aý­lyk dö­wür­de kom­pan­ýa­nyň peý­da­sy 6,4 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr. Teh­no­lo­gi­ýa ägir­di ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 41,7 mil­liard dol­lar gir­de­ji hem-de 3,6 mil­liard dol­lar peý­da ga­za­nyp­dyr. Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň bu fir­ma­sy­nyň gir­de­ji­le­rin­de iň uly paý ýa­rym­ge­çi­ri­ji we su­rat pa­nel­le­ri­ne de­giş­li­di­gi mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň mo­bil bö­lü­mi­niň peý­da­sy­nyň 2,1 mil­liard dol­lar bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 1,54 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­sin­de “Ga­laxy No­te 5” we “Ga­laxy S6 Ed­ge+” mo­del­le­ri­niň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy aý­dyl­dy.

27,4 mil­li­on te­le­fon sat­dy

Hy­ta­ýyň “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy 2015-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de or­ta we ýo­ka­ry de­re­je­li smart­fon­la­ryň sa­tu­wy­ny art­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň be­ren be­ýa­na­tyn­da de­giş­li dö­wür­de “akyl­ly” te­le­fon­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň 33 gö­te­rim ýo­kar­la­nan­dy­gy, bu gör­ke­zi­ji­niň on­dan öň­ki çär­ýek bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 7 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Üç aýyň do­wa­myn­da 27,4 mil­li­on smart­fon aly­jy­la­ra ug­ra­dy­lyp­dyr. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­giň hy­taý ba­za­ry­nyň da­şyn­da art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Önüm­çi­li­giň hä­zir­ki dur­kun­da do­wam eden ýag­da­ýyn­da ýy­lyň ahy­ry­na çen­li je­mi 100 mil­li­on smart­fo­nyň ön­dü­ril­jek­di­gi aý­dyl­ýar. “Hua­wei” Ýew­ro­pa we Ýa­kyn Gü­no­gar-Af­ri­ka se­bit­le­ri­ne ug­rad­ýan te­le­fon­la­ry de­giş­li­lik­de 98 hem-de 70 gö­te­rim ar­typ­dyr. Ge­çen ýyl­lar­da kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­le­ri, esa­san, hy­taý ba­za­ryn­da sa­tyl­ýar­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň “Ma­te7”, «P7» we «P8» en­jam­la­ry sa­tu­wa çy­ka­ry­lan­dan bä­ri de­giş­li­lik­de 6,5 mil­li­on, 7,5 mil­li­on we 4 mil­li­on ön­dü­ri­lip­dir. Şeý­le hem “Ma­te S” sent­ýabr­da ta­nyş­dy­ry­lyp­dy. Smart­fon Hy­taý, Ang­li­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Is­pa­ni­ýa we Fran­si­ýa bi­len bir ha­tar­da, je­mi 48 ýurt­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­di. “Ma­te S” aýal-gyz­lar üçin taý­ýar­la­nan “Ro­se Gold” gör­nü­şi onuň has hem go­wy ta­nal­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. “Hua­wei” te­le­fon­la­ry­nyň Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da­ky pa­ýy bar­ha art­ýar. “Hua­wei” is­pan ba­za­ryn­da 12,4 gö­te­rim pa­ýa eýe. 400–500 ýew­ro­dan gym­mat bo­lan ýo­ka­ry aý­ra­tyn­lyk­ly en­jam­la­ryň ara­syn­da 45,7 gö­te­ri­mi eýe­le­ýär. Ita­li­ýa­da hem hy­taý bren­di­ne bo­lan is­leg ýo­ka­ry. Bu ýur­duň smart­fon ba­za­ry­nyň 10,9 gö­te­ri­mi hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li. Gym­mat ba­ha­ly smart­fon­la­ryň ara­syn­da bu gör­ke­zi­ji 27,9 gö­te­rim.

Go­laý­da GFK mas­la­hat be­riş şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan mag­lu­mat­­da, “Hua­wei”-iň ýan­war-aw­gust aý­la­ryn­da dün­ýä­niň smart­fon ba­za­ry­nyň 9,5 gö­te­rim­lik pa­ýy­ny eýe­läp, bu ugur­da üçün­ji bo­lan­dy­gy mä­lim edil­dip­di. Onuň hy­taý ba­za­ryn­da­ky öň­de­li­gi do­wam ed­ýär. Hy­taý­ly müş­de­ri­le­riň 15,2 gö­te­ri­mi “Hua­wei” ulan­ýar. Şeý­le hem “Hua­wei” Awst­ra­li­ýa, Bel­gi­ýa, Ita­li­ýa, Por­tu­ga­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa ýa­ly ýurt­lar­da smart­fon sa­tu­wyn­da il­kin­ji üçün­ji ýe­ri eýe­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da “In­terb­rand” mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ge­çen aý taý­ýar­lan “Iň go­wy 100 Glo­bal mar­ka” at­ly sa­na­wyn­da hy­taý bren­di 88-nji bo­lup, bu sa­na­wa gi­ren il­kin­ji hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy bol­dy.

Üç aý­da 48 mil­lio­ny sa­tyl­dy

Ame­ri­kan “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iýul-sent­ýabr aý­la­ry­na de­giş­li ma­li­ýe ýag­da­ýy ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry ne­ti­je ga­za­nan “App­le” ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 22 gö­te­rim ösüş ga­za­nyp, 51,5 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Şe­re­ke­tiň aras­sa gir­de­ji­si 30 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 11,1 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 41,2 mil­liard dol­lar gir­de­ji 8,5 mil­liard dol­lar aras­sa peý­da ga­za­nan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy üç aýyň do­wa­myn­da 48 mil­li­on­dan gow­rak “iP­ho­ne” sa­typ­dyr. 2014-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bu gör­ke­zi­ji 39,27 mil­li­on bo­lan eken.

“App­le” komp­ýu­ter “Mac” sa­tu­wyn­dan 6 mil­liard 882 mil­li­on dol­lar dü­şe­wünt ga­za­nyp­dyr.

Ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry gir­de­ji ga­zan­dy

Dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan”Go­og­le” kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­ne de­giş­li mag­lu­mat­la­ry­ny ýaý­rat­dy. Fir­ma ga­ra­şy­lan­dan has ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­dy. Kom­pa­ni­ýa je­mi 18,7 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­zan­dy. Bu gör­ke­zi­ji onuň 13 gö­te­rim ösen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň aras­sa gir­de­ji­si­niň 3,98 mil­liard dol­lar­dy­gy mä­lim edil­di. Şe­re­ke­tiň ma­ha­bat, en­jam­laş­dy­ryş we en­jam sat­mak ýa­ly ugur­lar­da ösü­şi­ni do­wam et­dir­ýär.