• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

CES 2018 sergisinde Sony smartfonyň ölçeglerindäki mobil proýektory hödürledi

CES 2018 sergisinde Ýaponiýanyň Sony kompaniýasy birnäçe täsin elektron enjamlaryny we gajetlerini halk köpçüligine hödürledi. Olaryň biri hem smartfonyň ölçeglerindäki proýektor bolup, onuň 3 metr aralykdan stenada ekrany şekillendirmäge mümkinçiligi bardyr.

         Sony MP-CD1 proýektorynyň bary-ýogy 280 gram agramy we 8 х 14 х 1,6 sm ölçegleri bolup, onuň berk alýuminiden korpusy bardyr.

Bu proýektora 3 metr diaganaldaky  (120 dýum) ekran üçin 3.5 metr aralyk gerek bolup, ol suraty 854-480 piksel durulykda görkezip bilýär. Özünde ýerleşdirilen akkumulýatoryň kömegi bilen proýektor 105 ANSI lýümen ýagtylyk berip, bir doly zaraýat bilen 2 sagada çenli işläp bilýär. Ondan başgada proýektory smarfon üçin zarýat beriji batareýa höküminde peýdalanyp we onuň HDMI portunyň üsti bilen suraty telewizora hem berip bolýar. Bu enjamy 400 amerkan dollary bilen satuwa çykarylyp başlamakçy boýarlar.