• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Poke Radar size Pokémon GO oýnundaky pokemonlary nireden tapmalydygyny aýdar

Poke Radar – bu onlaýn karta we iOS operasion ulgamy üçin mobil priloženiýa. Ol pokemonlaryň haýsy ýerde gizlenip biljekdigini aýdar. Eger-de size hemişe şol bir gorkunç jandarlar (monstr) gabat gelýän bolsa, öz kolleksiýaňyzy gymmat ekzemplýarlar bilen doldurjak bolsaňyz onda bu Size tüýs gerek zat.

Kartada pokemonlaryň ýerleşişi oýunçylaryň güýçleri bilen döredilýär we olaryň tapan gymmatly gorkunç jandarlarynyň ýerleşýän nokatlaryny görkezýär. Ekranyň çep burçunda menýu ýerleşen, onuň kömegi bilen netijeleri filtrläp bolýar. Şeýlelik bilen Poke Radaryň kömegi bilen özüňize gerek bolan pokemonlaryň yzyndan awa çykyp bilersiňiz.

Eger-de size bir nokat gyzyklandyrýan bolsa, onda syçanjygyň sag düwmesine basyň we peýda bolan goşmaça maglumaty okap bilersiňiz. Bu ýerde siz bu nokady goşan oýunçynyň adyny, onuň beýleki oýunçylaryň ses bermeginde alan häzirki ýagdaýdaky reýtingini görüp bilersiňiz. Reýting näçe beýik bolsa, onda gymmatly pokemonlary tapmaklygyň ähtimallygy uludyr.

IOS üçin çykarylan Poke Radar priloženiýasy oýun oýnalyp ýören wagty hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Android wersiýasy üçin bolsa taýýarlaýjylar ýakyn wagtda çykjakdygyny söz berýärler.

ÜNS BERIŇ!!! Poke Radar priloženiýasynyň meşhurlygy sebäpli serwerler agyr işleýär we ulanyjylara jogap berip ýetişmeýär (priloženiýa birnžçe günüň içinde App Store-daky meşhur mugt programmalaryň arasynda ikinji orny eýeledi). Sabyrly boluň we gaýtadan barlamagy dowam ediberiň.