• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

2018-nji ýylda IBM kompaniýasy kuwwatlylygy 200 Petaflops bolan superkompýuterini öndürip başlar

Geçen hepde Hytaýda iň kuwwatly TaihuLight superkompýuteri işe göýberildi. Onuň öndürüjiligi bolsa 93 petaflopsa deňdir. Şol günde bolsa Oak Ridj (ABŞ) IBM kompaniýasyndan super kompýuteri alýandygyny aýtdy. Ol Hytaýdaky superkompýuterden iki esse güýli bolar. Onuň gelip gowuşmagyna 2018-nji ýylyň başynda garaşýarlar.

Ol häzirki wagtda işlenilip taýýarlanýar we gigantyň hasaplaýjylygy 200 petaflops bolup durýar. NVIDIA kompaniýasynyň Volta grafiki çipleriniň örän giň mümkinçilikleri, Summit superkompýuteriniň in uly kuwwatda beýleki prosessorlar bilen parallel hasaplamalary geçirmäge mümkinçilik berýär. IBM kompaniýasy tarapyndan openPOWER tehnologiýasy beýleki prosessorlar bilen kompýutere maglumatlary ugratmaklykda, maglumatlary çalt ýatda saklamaklyga hem-de olaryň arasynda täsirli we ýitgisiz maglumat alyş çalşygyny gurnamaklyga uly goldaw berýär. 2018-nji ýylda ýene-de iki sany superkompýuteri almaklygy meýilleşdirýär. Olaryň biri Sierra kuwwatlylygy 150 petaflopsa barabar bolup, Liwermorskiniň milli tejribehanasynda oturdylar. Ikinjisi bolsa Aurora superkompýuteri bolup 2018-nji ýylyň aýaklarynda Argon milli tejribehanasynda oturdylar. Amerikanyň hünärmenleri superkompýuterlerde oturdylýan komponentler kuwwatly bolmaly diýip belläp geçýärler. Onuň düzüminiň programma üpjünçiligini hem ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň üçin hem Hytaýdaky superkompýuteri hasaplamalarda örän uly takyklyklary berýär diýip hasaplaýarlar.