• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Barselonanyň 24-nji çempionlygy

Ispaniýanyň “La Ligasynyň” bu möwsümi dartgynly göreşden soň, “Barselonanyň” çempionlygy bilen tamamlandy. Olar soňky tapgyrda “Granadany” Luis Suaresiň het-trigi bilen 3-0 hasabynda utup, 91 utuk bilen 1-nji ýeri eýeledi. Bu olaryň bassyr 2-nji, umumylykda 24-nji çempionlygydyr. Toparyň ezber hüjümçisi Luis Suares 40 gol bilen iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Şunlukda, “La Ligada” 7 ýyldan soň (soňky sapar 2008/09), Ronaldo we Messiden başga bir oýunçy iň köp gol geçiren futbolçy bolmagy başardy..

“La Ligada” “Lewanteden” soň, Madrid şäheriniň 2 wekili “Hetafe” bilen “Raýo Walekano” toparlary 2-nji liga düşdi.