• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Zeminiň kofe guşaklygy

1-nji oktýabrda dünýäniň köp ýurtlarynda Halkara kofe güni bellenip geçildi.Onuň resmi senesini     Bütindünýä kofe guramasy (International Coffee Organization) 2014-nji ýylda tassyklady. Bu karar gurama   girýän 77 ýurduň wekilleri we dünýäniň onlarça kofe assosiasiýalary tarapyndan makullandy. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme  ýurtlary Halkara kofe gününi belläp geçýär. Kofeni ähli ýerde ýetişdirip bolmaýar.  Kofe “Zeminiň kofe guşaklygy” diýlip atlandyrylýan ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Dünýäniň 80   ýurdy dolulygyna ýa-da bölekleýin kofe guşaklygyna girýär. Olar Afrika, Aziýa, Okeaniýa we Günorta  Amerika  ýaly sebitlere şertleýin bölünýär. Kofe agajy ynjyk bolup, ýylboýy 18-22 ýylylyk derejesinden  geçmeýän çygly howada ösýär. Şeýle şertlere eýe bolan sebitler ekwatoryň ugrunda ýerleşýär. Biz şu   makalamyzda  “Ýeriň kofe guşaklygy”, iri kofe öndürijiler hem-de dürli sebitlerde kofeniň öndürilişiniň  aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Merkezi we Günorta Amerika  Braziliýa  – dünýä bazaryna iň esasy kofe eksport ediji ýurtdur. Bu ýurtda özleşdirilen düzlük ýerleriň  bäşden  bir bölegini arabika atly kofe plantasiýasy eýeleýär.Kofe agaçlarynyň umumy sany 6 milliarddan  geçýär. Ýurtda 3,5 milliondan gowrak adamyň işi kofe önümçiligi bilen baglanyşyklydyr. Braziliýa şu günki  günde  dünýäniň kofesiniň üçden bir bölegini öndürýär. Ýurtda kofeniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.  Kolumbiýa  – kofe önümçiliginiň ägirdi bolan ikinji ýurtdur. Bu ýurtda deňiz derejesinden 1500-1800 metr   belentlikden  ýurdy kesip geçýän And dagynyň ulgamlarynyň eňňitlerinde kofe ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurduň  howa şertleri  kofeniň iň gowy görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge ýaramly bolup, ir zamanlardan bäri  öz kofesi bilen giňden tanalýar. Dünýäde öndürilýän kofeniň 15 %-den gowragy bu ýurduň paýyna   düşýär. Kofe plantasiýalarynyň meýdany 4,5 million gektardan gowrak. Kofe ösdürip ýetişdirmek bilen300   müň hojalyk meşgullanýar. Kolumb kofesi özüniň goýulygy, turşulygynyň ortaça derejesi we hoşboýysy  bilen tapawutlanýar. Meksika – 400 müň gektar töweregi kofe plantasiýasyna eýe bolup, her ýylda 300 müň  tonna  töweregi ýaşyl kofe ýygnaýar. Meksikada kofe, esasan, ýurduň günortasyndaky Werakrus, Oahaka  ştatlarynda we Çýapas şäheriniň töwereginde  ösdürilip ýetişdirilýär. Meksikan kofesini gowy   tagamy,  ýakymly ysly düzümi, çala turşulygy we oňat doýgunlygy üçin halaýarlar. Gwatemala – bu   ýerdäki  wulkan daglarynyň eňňitlerinde ýokary hilli arabika dänesini ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly şertler  döredilen. Ýurtda 800 milliondan gowrak kofe agajy hasyl berýän bolsa, ýene-de 38 million agaç   diňe  kölegesiüçin ulanylýar.Ýaşyl kofeniň has uly bölegi ýurduň günortasynda öndürilýär. Kosta-Rika– kofe agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýurduň belent daglarynyň ýapgytlarynda oňaýly howa şertleri bar. Şu   günki günde ýurtda 80 müňden gowrak kofe öndüriji  bar diýlip hasaplanýar. Her ýylda 400 müň tonnadan gowrak  kofe hasyly ýygnalyp, olaryň 90 %-i eksportedilýär. Kofeniň esasy bölegi paýtagtyň töwereginde  ýerleşen  dört welaýatyň ownuk daýhan hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Nikaragua – deňiz   derejesinden 1300 metr belentlikde ýerleşýän kofe plantasiýalary üçin örän amatly howa şertleri bar. Kofe  dänesiniň  önümçiligi ýylda 60 müň tonna barabar. Nikaragua kofesi aram turşulygy, ýokary doýgunlygy  hem-de oňat ysy bilen tapawutlanýar. Afrika Keniýa – ýurduň günbataryndaky deňiz derejesinden  1300-2000 metr belentlikdäki daglaryň eňňitlerinde ýerleşýän  plantasiýalarda arabika kofesi ösdürilip  ýetişdirilýär. Keniýanyň wulkanik topragy we onuň ekwatora golaý çäkleri ýerli plantasiýalarda kofe ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly şertlere kepil geçýär. Iň gowy Keniýa kofesi Kilimanjaro we Meru daglarynyň   ýapgytlarynda ösdürilip  ýetişdirilýär. Efiopiýa – bu ýurdy arabika kofesiniň dörän ýeri diýip hasaplaýarlar.   Bu ýerde  kofeniň has irki döwürlerde hem ösdürilip ýetişdirilendigi aýdylýar. Kofe agaçlary deňiz  derejesinden  1100 metrden 2100 metre çenli belentlikdäki 460 müň gektardan gowrak  meýdany eýeläp,  ýurt boýunça  her ýylda 200-240 müň tonna kofe hasyly ýygnalýar. Maglumatlara görä, Efiopiýanyň  ýaşaýjylarynyň dörtden biri (12 million  töweregi adam) kofe ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.  Tanzaniýa – kofe eksporty döwlet býujetiniň iň esasy girdejili bölegi hasaplanýar. Tanzaniýa Afrika  ýurtlarynyň arasynda kofe önümçiligi boýunça 6-njy orny eýeleýär. Hökümet ýakyn onýyllykda Tanzaniýany  dünýä derejesindäki eksport ediji ýurda öwürmegi niýet edinýär. Şu maksatbilen 200 million  kofe  nahalyny ekmek boýunça taslama amala aşyrylýar. Tanzaniýanyň kofe ylmy- barlaglar instituty  ýurduň  kofe plantasiýalaryny täzelemek maksady bilen şeýle agaçlaryň täze görnüşleriniösdürip  ýetişdirýär.  Zimbabwe – Afrika yklymynyň günorta böleginde, Wiktoriýa şaglawugy bilen Zambezi we   Limpota  derýalarynyň arasynda ýerleşýär. Giň gerimli kofe önümçiligi 1960-njy ýylda ýola goýulýar. Amatly  howa şertleri we dag relýefi çäkli mukdarda ýokary hilli kofe öndürmäge mümkinçilik berýär. Aziýa   Ýemen – Efiopiýadan gizlin ýollar arkaly kofe däneleri getirilen ilkinji ýurtdur. Şol ýerden hem kofe bütin  dünýä ýaýrap başlaýar. Taryhçylar Ýemeni medeniýetiň gadymy ojaklarynyň biri  hasaplaýarlar. Ol   Arap ýarym adasynyň günortasynda, Günorta- Günbatar Aziýada  ýerleşýär. XVII asyryň ahyryna çenli  Ýemen  ýeke- täk kofe eksport edijiýurt bolup,ol gadymy El-Moha portundanugur alypdyr.Wagtyň geçmegi  bilen  ýewropalylar ýemen kofesini “mokko” diýip atlandyrypdyrlar we ol şu günki günde hem şeýle atlandyrylýar. Hindistan – bu ýurtda kofe plantasiýalary eýýäm üç asyrdan bäri bar. Rowaýatlara görä,    1670-nji  ýylda musulman syýahatçysy Baba Budan Ýemenden kofe tohumyny getirip hindi topragynda  ekipdir. Hindistanda diňe soňky 150 ýylyň içinde kofeniň söwda önümçiligi ýaýbaňlanýar. Hindi kofesi hem  has  goýulygy, sähel ajylygy we ýakymly ysy bilen köpüň göwnünden turýar. Bu ýurt dünýä bazaryna  kofeniň  birnäçe görnüşini, şol sanda, “Mansun Malabar” diýen özboluşly görnüşini eksport edýär.   Indoneziýa – ýurtda öndürilýän kofe onuň haýsy  adada öndürilendigine görä tapawutlandyrylýar. Ýawa,  Sumatra  we Sulawesi adalary ýurduň esasy kofe öndürilýän ýerleridir. 1712- nji ýylda Ýawadan getirilen  kofe  ilkinji gezek Amsterdamda satylyp, şondan bäri Indoneziýada, esasan hem, Ýawa adalarynda kofe önümçiligi  giňden ýaýbaňlandyrylyp başlanýar we köp ýurtlaryň zerurlygyny kanagatlandyrýar. XIX asyryň   ortalarynda  Ýawanyň  arabika  kofesi judaköp öndürilip, Ýewropada oňa “Ýawa” diýip at goýýarlar. Bu   görnüşiniň  esasy aýratynlygy olaryň üç ýyla çenli ammarlarda saklanmagydyr. Şunuň  ýaly saklananda  ýaşyl  däneler  goňur reňke öwrülip, özboluşly tagama eýe bolýarlar. Kofeniň bu görnüşi uzak wagtlap  bazardan  ýitip, ýakyn ýyllarda gaýtadan dikeldildi. Indoneziýanyň ikinji uly adasy Sumatranyň arabikasy özüniň  “Mandheling”, “Ankola” ýaly görnüşleri bilen meşhurdyr. Bu kofeleriň iki görnüşi hem Padang  portunyň  golaýynda,adanyň günbatar we merkezi böleklerindäki (deňiz derejesinden 1000-2000 metr belentlikde) daglaryň ýapgytlaryndaky plantasiýalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Sumatra kofesiniň käbir görnüşleri hakyky  tagamyna  gelýänçä bir ýyldan gowrak wagt ammarlarda saklanýar. Arabika kofesi Sulawesi adasynyň merkezindäki we günortasyndaky daglyk ýerlerdäki etraplarda öndürilýär. Kofe agaçlary öýleriň töweregindäki meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilip, olaryň şahsy emlägine girýär. Her bir maşgalanyň ýygnalan hasyly gaýtadan işläp bejermekde öňden gelýän däpdessurlary bolup, ol nesilden nesle geçip gelýär.