• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Elektron enjamlaryň halkara sergisi

Ýokary tehnalogiýa ulgamynda iş alyp barýan iki ýüzden gowrak firma özleriniň iň soňky önümlerini Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen sergide görkezildi.Halkara serginiň çäklerinde mundan ozalky çärelerde görkezilen enjamlar bn bir hatarda, täze öndürülen önümler hem bu ýere ýygnananlaryň dykgatyna ýetirildi.Angliýa-nyň “Moley Robotics” firmasynyň öndüren aşçy robotynyň soňky modeli nahar bişiren wagty el hereketleriniň çeýeligi bilen görenleri haýran galdyrýar.Ol sargyt eden naharyňy tertip boýunça ussatlyk bilen bişirmegi başarýar.Şeýle hem täze tagamlary taýýarlamagy hem öwrenip bilýär.Oňa ýerleşdirilen 3D kameralar adaty aşpeziň el hereketlerini  “Görüp, ýazga alyp, ony gaýtalap bilýär”.Inženerler robotyň haýsy nahryň nähili bişirilmelidigi  baradaky maglumatlary saklaýan baza döretmegiň aladasyny edýärler.Ony işläp düzen Mark Oleýnik indiki maksadynyň dünýäniň  başga bir ýerindäki aşpeziň taýýarlan nahryny bu robota taýýarlatmagyň aladasyny edýär.Oňa gerekli azyk önümlerini taýýarlap bermegiňiz ýeterlik.

Merkezi Pekinde ýerleşýän “G-Wearables” şereketi “Gogo-S” atly enjam oýlap tapypdyr.”Bluetooth” bilen işleýän we bir-birinden garaşsyz hereket edýän iki nauşnikden ybarat .Bu adaty nauşniklerden tapawutlylykda onda optiki sensor hem bar.Bu sensorlar arkaly öz ýürek urşuňyzy diňläp bilýärsiňiz.Şeýle hem onuň iň esasy aýratynlygy, geçirijileri ýok bolansoň, aýdym-saz diňleýärkäňiz fiziki hereketleriňizi arkaýyn edip bilersiňiz. “Palo Alto Tech firmasynyň öndüren “Cool One” atly äýnege gyzyklandyrma bildirýänleriň sany az däl. “Google glass” enjamynyň arzan görnüşi bolan bu enjamyň bahasy 330-500 dollar aralygynda. Onuň bilen 1080p ýokary durulykda (HD) wideo ýazgy edip bilersiňiz.Onuň bilen düşüren suratlaryňyzy we wideoýazgylaryňyzy smartfonuňyza ugradyp bolýar.Şeýle hem internetden maglumat almak mümkin.