• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Apple 16 Gb ýady öndürmekden ýüz döndermekligi meýilleşdirýär

iPhone 6S we  iPhone 6S Plus enjamlarynyň relizlenmegi bilen, Apple 16 kompaniýasy öz mobil enjamlarynda 32Gb modullary peýdalanmakdan ýüz dönderdi. Oňa derek bolsa, 128Gb-lyk wersiýany hödürledi. Sebäbi Apple-niň önümlerinde 16Gb-lyk ýat kartlary üçin slot ýok,  16Gb-lyk ýatly iPhone ýa-da iPad enjamlar bolsa häzirki wagtda peýdalanyjylar (alyjylar) üçin gyzykly çözgüt hasaplanylmaýar. Trendforce çeşmesiniň habaryna görä, Apple 16Gb ýat modullaryndan ýüz döndermekligi we olaryň ýerine 32GB gurnamaklygy meýilleşdirýär.

Apple tarapyndan bu çözgüt dogrudan hem logiki taýdan dogry hasaplanylýar, sebäbi häzirki wagtda mobil enjamlarynda aktiw işlemek üçin 16Gb ýeterlikli däl. Emma çeşme bu enjamyň bahasy barada habar bermeýär.

Şeýle-de Trendforce çeşmesi iPhone 6S we iPhone 6S Plus enjamlarynda 2Gb-lyk operatiw ýadyň gurnaljakdygy baradaky habary ýene bir gezek tassyklaýar. Beýleki üýtgeşmelerden 12-megapikselli esasy kamera, Force Touch tehnologiýalarynyň goldawyna garaşylýar. Bu goldaw goşmaça operasiýalary ýerine ýetirmek üçin ekrana dürli güýç bilen basyp işlemeklige mümkinçilik berýär.