• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

iPhone üçin iýul aýyndaky iň gowy programma üpjünçilikleri

Beme

Keysi Naystat meşhur wideobloggerçi tarapyndan döredilen sossial tor. Beme programmasynda siz gysgajyk wideo ýazgy etmeli. Ýazylan wideony bolsa siz öz dostlaryňyz bilen paýlaşyp hem bilersiňiz.

Wonders

Wonders bu dünýäniň syýahatçylarynyň özleriniň syýahatlary we başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän programmadyr. Her bir gürrüň berilýän syýahat özbaşyna gyzykly suratlar bilen bezelendir, bu bolsa syýahatçylaryň öz başyndan geçirmeleriniň iň gowylarydyr.

Polarr

“Mobil fotoşoplary” indi bilşimiz ýaly köpeldi. Polarr programmasyny hem şolaryň içine goşmak bolar. Bu güýçli fotoredaktordyr, onuň içinde filtrden başga, suratlary bilen işlemekde köp işleri ýerine ýetirip bolýar. Programma mugtdyr, ýöne käbir funksiýalaryny satyn almaly bolýar.

PEP

Bu programmanyň üsti bilen siz näme iýmelidigi barada köp zat bilersiňiz. Pep siziň saglygyňyz üçin peýdaly bolup biljek menýuny döredip berer. Şeýle-de, siziň agramyňyz, boýuňyz, ýaşyňyz hem-de kaloriýaňyz göz öňünde tutulandyr.

Tubio

Eger-de siz wideony telewizorda görmekligi halaýan bolsaňyz, onda siz bilýänsiňiz onuň üçin gabat gelýän programmany tapmaklyk aňsat däl. Eger-de siz ony häzirem tapmadyk bolsaňyz, Tubio programmasyny barlap görüň. Programma DLNA boýunça hemme telewizorlar bilen işläp bilýär we YouTube saýtyndan hem görmeklige mümkinçilik berýär.

Colorfy

Suraty reňklemek belki hem ulular üçin gülkünç bolmagy mümkin, ýöne siz ony ilki bilen barlap görüň. Bu programmada figuralary reňklemeklik diýseň gyzykly, sizi gipnozlaýar hem diýseň bolar.