• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Saud Arabystany patyşalygy dünýäde iň uly gün batareýa fermany gurmagy meýilleşdirýär

Saud Arabystany patyşalygy dünýäde iň uly gün batareýa fermany gurmagy meýilleşdirýär. Egerde Saud Arabystany bu taslamany iş ýüzünde amal eden halatynda täze rekort goýmak bilen onuň kuwwaty beýleki taslamalardan 100 esse uly bolmagyna garaşylýar. Bu fermanyň gurluşygyny 2030-njy ýylda tamamlamagy meýilleşdirilip, onuň kuwwaty 200 GWt deň bolar. Bu taslama hemaýatkär bolup Saud Arabystanyň mirasdüşer şazadasy Mohammed Bin Salman we Softbank Group çykyş etmek bilen, oňa 200 milliard dollarlyk maýa goýum goýmakçy bolýarlar.

Ondan başgada şeýle uly göwrümli gün elektrik beketleri Hytaýda kuwwaty 1.5 GWt-a barabar, häzirki wagtda gurluşygy alynyp barylýan Westlands Solar Park kuwwaty 2.7 GWt-a deň we indiki ýylda ulanmaga berilmagi meýilleşdirilýän kuwwaty 7.2 GWt-a deň bolan  Saud Arabystanyň gün elektrik taslamalary bardyr.