• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Adaty däl futbol meýdançasy

 

“Tatran” atly slowak futbol toparynyň üýtgeşik stadiony bar. Ol stadionyň içinden demir ýol geçirilipdir. Demir ýol relsleri meýdança bilen tomaşaçylaryň oturýan münberiniň arasyny bölýär. Futbol duşuşyklary wagty hem bu demir ýol boýunça otlular gatnaýar. Geň ýeri ondan häzirki zaman otlulary däl-de, bug bilen işleýän parowozlaryň gatnaýanlygydyr.