• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

FAO-nyň täze hasabaty

Dünýäde her ýyl bahasy trillion dollara barabar azyk önümleriniň üçden bir bölegi, miwe we gök önümleriň ýaryna golaýy, et önümleriniň dörtden bir bölegi galyndy hökmünde taşlanyp, isrip edilýär. Şeýle hem 3 milliard töweregi adam ýeterliksiz ýa-da nädogry naharlanýar. Netijede, köp adam güýçden gaçýar, semreýär, ýa-da dürli kesellere sezewar bolýar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bu ýagdaýy içgin öwrenip, onuň çözgüt ýollaryny gözleýär. Dünýäniň oba hojalyk önümleri adamzady 22 göterim witamin bilen üpjün edýär. Şeýle- de bolsa, ýitgi we galyndylaryň netijesinde, adamzadyň paýyna onuň 11 göterimi düşýär. Şunuň bilen birlikde, dünýädäki her bäş adamdan biriniň ölüminiň nädogry iýmitlenmek bilen baglydygy ýatlanyp geçilýär. Azyk guramasy öndürilen önüme aýawly çemeleşmek we Ýeriň ähli ýaşaýjylarynyň iýmitini gowulandyrmak maksady bilen, azyk pudagynyň gurluşyny düýpli özgertmäge çagyrýar. Bilermenler bu maksat bilen azyk pudagynyň ähli işgärleriniň bilimini has-da ýokarlandyrmagyň, infrastrukturany kämilleşdirmegiň, innowasion çemeleşmeleri giňden ulanmagyň, azyk harytlarynyň ýitgisi we galyndysy hakyndaky maglumatlary ýygnamagyň we gaýtadan işlemek ulgamyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýdýarlar. Olar miweleriň, bakja önümleriniň, süýdüň, etiň we balygyň düzüminde ýokumly maddalaryň uly mukdarynyň saklanýandygyny, emma hut şu önümleriň beýlekilere garanyňda, tiz zaýalanýandygyny belleýärler. Adamlaryň köpüsi öndürilýän miweleriň we bakja önümleriniň ýaryna golaýynyň galyndy hökmünde taşlanýandygyny bilmeýärler. Adama zerur belogyň çeşmesi saýylýan etiň hem dörtden bir böleginiň zaýalanyp galýanlygy belli boldy. Munuň özi eýýäm 76 million malyň boş ýere soýulýandygyny aňladýar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, dünýäniň köp ýurdunda, esasan, hasyl ýygnalýan, daşalýan, saklanýan we gaýtadan işlenýän wagty has köp ýitgi çekilýär. Häzirki wagtda ösen ýurtlaryň hususy öndürijileri ýitgini azaltmaga tagalla edýärler. Iýmit önümleri köp halatlarda sarp edijiler we bölek söwda edýänler tarapyndan galyndy hökmünde taşlanylýar. Netijede, dünýä derejesinde adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna sebäp boljak ýokumly maddalar ýitirilýär. Şeýlelikde, azyk önümleriniň ýitgisi dünýä ykdysadyýetine ýylda trillion dollar zeper ýetirýär. Şoňa görä, azyk önümleriniň galyndysynyň azaldylmagy ykdysady ösüşe görnetin ýardam edip, suw, ýer we energiýa gorlaryny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.