• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäde iň uly uçujy enjam “Airlander 10”

Hybrid Air Vehicles britan kompaniýasynyň gününde Airlander 10 dünýäde iň uly garyşyk uçujy enjamynyň täze suratlary görkezildi. Bu enjam şu günki günde dünýäde iň uly howa gämisi bolup durýar. Onuň uzynlygy 92 metr, ýagny ol An-225 “Mriýa” hawa gämisinden 8 metr uzyn hasaplanýar.

Airlander 10 uçujy enjamynyň garyşyk diýilip kabul edilmegi onuň gurluşynda dürli howa uçuş tärleriniň 3 görnüşli metody ullanylýar. Airlander 10 enjamynyň umumy göwrümi 38000 kub metr bolup durýar. Bu enjamyň ýokary göteriji güýjüniň ýarysyny onuň korpusynyň formasy berýär.

Ol uçaryň ganatynyň gönüligini, ýokary göteriji güýjini geliýniň ulanylmagynda onuň 4 hereketlendirjisiniň ýangyjyň ýanmagyny tygşytlaýar. Airlander 10 enjamynyň gabygy 3 sany gaty berk materiallardan ýasalandyr. Ol uglerod süýüminden, maýlardan we kewlardan ybaratdyr. Uçujy enjam ýükleriň 10 tonnasyny we 5 günläp ýere gonman sürüjisiz ýagdaýda ol howada 3 hepdeläp saklanyp bilýär. Onuň 4 sany hereketlendirjisiniň bolmagy enjam iň uly 150 km/sag tizligine çenli ýetirip bilýär. Gyzykly tarapy taslamanyň taryhy 2009-njy ýylda başlandy we şeýle çalt depginde alymlaryň, hünärmenleriň tagallasy bilen ylmyň uly sepgitlere ýetýändigini ýene bir gezek subut edýär. Egerde bu enjamyň 2018-nji ýyla çenli doly ýagdaýda şowly barlaglar geçirilse onda bu enjamyň ýylda onlarçasyny öndürmek maksat edinýärler.Olaryň hersi bolsa bir uçuşynda 48 ýolagçyny almaga mümkinçligi bolar. Bu kompaniýa enjamyň şowly çykmagyna garaşyp mundan hem uly enjamy öndürmekligi göz öňünde tutýarlar.Ýagny enjamyň içinde uly myhmanhanany ýerleşdirmekligi maksat edinýärler.