• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ilkinji 5K ekran

''Philips'' kompaniýasy 5K durulygyndaky ilkinji monitoryny tanyşdyrdy. ''Quad HD''-den dört esse dury bolan ekran has ýokary şekilleri hödürleýär. 14,7 million piksellik (5,120 x 2,880) ''Philips 275P4VYKEB'' ekrany reňkleri has takyk görkezýär. 27 dýuýmlyk ekran bir milliard reňk hödürleýän "PerfectKolor'' tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. 5K durulyk 4K monitora garanyňda, keseligine goşmaça 1000 we dikligine 700 piksel köp bolýar. Bu ekran, esasan, çyzuw işlerini amala aşyrýan hünärmenleriň işini has hem ýeňilleşdirer. Esasan iki ekranly kompýuterden peýdalanmaly bolýan hünärdäki adamlaryň bir ekran arkaly işlemeklerine, şeýlelikde has ýokary netije gazanmaklaryna ýardam eder. Ekranyň gapdalyndan seredilendehem has takyk görkezmegi bilen tapawutlanýar. ''MMD Philips'' kompaniýasynyň wekili Albert Ulfman 5K durulygyndaky monitoryň islendik kiçi jikme-jikligi aýdyň görkezip bilýändigini aýtdy.