• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Islam döwleti bilen baglanşykly hakerler Britaniýanyň ministrler kabinetiniň agzalarynyň poçtalaryny döwüpdirler

Terrorçylykly gurama hasaplanýan “Islam döwleti” bilen baglanşykly hakerler Britaniýanyň ministrler kabinetiniň birnäçe sany agzalarynyň poçtlaryny döwendikleri barada Daily Telegraph gazýetinde habar berilýär.

Habar berlişine görä, anyklaýyş işleriň dowamynda islamistler bilen baglanyşykly bolmagy mümkin bolan hakerler içeri işler ministri Meý Tereza barada maglumatlary almakçy bolupdyrlar. Ondan başga-da, ekstremistler hökümet ýolbaşçylarynyň we şa maşgalasynyň agzalarynyň haýsy çärelere gatnaşmaklary planlaşdyrýandygy barada bilmek başardardy.

Neşirýatyň ýazmagyna görä, entek hakerleriň haýsy maglumatlary alyp ýetişendikleri belli däl, ýöne milli howpsuzlygy üçin howpy ýok. Bu wakadan soň hökümet ýolbaşçylaryna kompýuteriň howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi, şol sanda, parollary çalyşmaklygy maslahat beripdirler.

Kiberhüjümiň haçan we kim tarapyndan geçirilendigi barada entek habar berilmeýär. Ýöne, Islam döwletiniň hatarynda söweşýän Reýad Han (Reyaad Khan) we Junaid Hüssein (CyberCaliphate atly haker toparynyň baştutany) dagylaryň bu işi eden bolmaklarynyň mümkindigini belleýärler. Neşirýatyň habar bermeginä görä, haker toparynyň. şol sanda ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň merkezi komandowaniýesiniň Twitter we Youtube-da akkauntlaryny döwendikleri barada belleýär.