• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Dinamo” bilen oýundan soň “Rostow” FK-nyň oýunçylaryny doping-kontrola alyp gitdiler

RF premýer ligasynyň 28-nji turyndaky “Dinamo” bilen oýunda “Rostowyň” futbolistlerini doping-kontrola iberdiler. Bu hakda 12-nji maýda “Sport-Ekspress” habar berdi.

Neşirýatyň habar bermegine görä, Rostowyň şol oýunda oýnan hemme futbolistlerini antidoping barlagyna ugratdylar. Bu ýagdaý Rus futboly üçin görülmedik ýagdaý bolup galýar. Bu barlagy futbolyň Halkara federasiýasynyň (FIFA) doping ofiserleri ýerine ýetirýär. Testiň netijeleri barada gijiräk habar bolar.

“Bu real ýagdaý däl! Biz Rostowyň 11 sany oýunçysy bolup doping-kontrola garaşýas. Beýle ýagdaý hiç-haçan bolmandy. Hemişe diňe 2 sany oýunçyny çagyrýardylar. Bärde bolsa 11 sany … Nähili bolýa? Näme etjek garaşýas”- öz duýgulary bilen Rostowyň ýarym goragçysy Kristian Noboa paýlaşýar.

“Rostow” bilen “Dinamanyň” oýny 12-nji maýda “Rostowyň” peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy. Şeýlelikde, “Rostow” turnir tablisasynda “Zeniti” geçip 2-nji orna geldi we 2 utuk (oçko) tapawudy bilen “SSKA”-dan yza galýar.