• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Alphabet- Google Reýtingiň başyny çekdi

“Forbes” žurnalynyň mälim etmegine görä, “Google”- a eýeçilik edýän “Alphabet” kompaniýasynyň 80 müňden gowrak işgäri bolup, eýýäm ikinji ýyl dünýäniň iň gowy iş bilen üpjün edijileriniň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Sanawyň ikinji ornuna “Microsoft” (124 müň işgär), üçünji ornuna hem “Apple” degişli bolup, geçen ýyl hem bu kompaniýalar öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Geçen ýyl üçünji orny eýelän “Japan Exchange Group”, şu ýyl 12-nji orna düşdi. “Top-10”-nyň ilkinji alty ornuny amerikan kompaniýalary eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär. “Alphabet”, “Microsoft” we “Apple”- den başga birinji onluga “Walt Disney”, “Amazon” we “Celgene” kompaniýalary girizildi. Şeýle hem, “Top-10”-a iki nemes kompaniýasy “Daimler” we “BMW Group”, bir tailand “Kasikornbank”, ýene- de Gonkonguň CNOOC kompaniýasy girmegi başardy. “Alphabet”- iň işgärleriniň ýyllyk girdejisi 200 müň dollar töweregidir. Sanawda jemi 500 kompaniýa bolup, olaryň 185-si amerikan kompaniýalarydyr. Şeýle hem iş bilen üpjün edýänleriň iň gowularynyň reýtingine Hytaýyň we Gonkonguň 80 kompaniýasy girizilipdir.