• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Apple” kompaniýasynyň “Apple Glass” önümi

“Lo­up Ven­tu­res” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hünärmenleri “App­le Glass”-yň 2021-nji ýyl­da peýda boljakdygyny aýdýarlar. Bel­li “vis­ta­news.ru” web saý­ty­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, Jin Mýuns­ter üs­ti ha­ky­kat bi­len dol­du­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa bi­len iş sa­lyş­ýan “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri bi­len gür­rüň­deş­lik­den soň­ra ge­len ne­ti­je­si­ni mälim et­di. Bi­ler­menler “App­le Glass”-yň 2021-nji ýyldan öň hem köp­çü­li­ge hö­dür­lenmeginiň mümkindigini, ýö­ne üs­ti ha­ky­kat bi­len dol­du­ry­lan şeý­le äý­nek­le­riň heniz kämilleşdirilmelidigini belläp geç­diler. “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş ýol­baş­çy­sy Tim Kuk bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň he­niz kä­millik ýoluny geçýändigini tas­syk­la­dy. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, “App­le” sa­tu­wy­nyň bi­rin­ji ýy­lyn­da ABŞ-nyň 1300 dol­la­ry­na deň bo­lan bu “akyl­ly” äý­nek­le­ri­niň 10 mil­lio­ny­ny sa­tar.