• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Wiruslaryndan goranmagyñ ýollary

Käbir wiruslar, esasan hem fleş kiçi maglumat göterijileri arkaly bir kompýuterden başga kompýutere geçip köpelýärler. USB fleş kiçi maglumat göterijilerini wiruslardan goranmak üçin ýörite programma üpjünçilikleri bardyr, ýa bolmasa-da özumiz hem kiçiräk programma üpjünçiligini döredip bileris.

Ilki bilen kompýuterde (windows operasion ulgamynda) “Bloknot” programmasynyň kömegi bilen bir .txt formatly faýl döretmeli we onuň içine

attrib -s -h -r autorun
del autorun
mkdir ~d0AUTORUN. INF
mkdir «? ~d0AUTORUN. INF ..»
attrib s h %~d0AUTORUN. INF

diýip ýazmaly we ýatda saklatmaly hem-de flashprotect.bat diyip adyny üýtgetmeli.
Adyny üýtgetmekçi bolanymyzda ilki bukjalaryň (papkalaryň) sazlamalaryndan (nastroyka) fayllaryñ giňeltmelerini görkezer ýaly etmelidir. Taýýar bolanyndan soň fleş kiçi maglumat göterijisine oklap, ýanky programmajygy işe goýberäýmek ýeterlikdir.