• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Sonic Dash atly ranner kirpi we Sonika hakynda iň üstünlikli mobil oýun bolup galdy

Kirpi we Sonika hakynda oýun mundan birnäçe ýyl öň konsollarda uly üstünlige eýe bolmandy, emma häzirki wagtda bu seriýa mobil telefonlarda täze mesgen tapdy. Sega kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2013-nji ýylda çykan Sonic Dash atly mobil ranneriň häzirki wagtdaky App Store, Google Play, Amazon App Store и Windows Phone Store marketlerinden ýüklenmesi 100 milliondan aşdy. Bu bolsa oýna Sonika älemininiň iň meşhur mobil taslamasy diýen ady gazanmaklygy başartdy. Munuň şanyna Sega oýnuň reliziniň başlanan pursadyndan geýmerleriň ähli üstünliklerini görkezýän infografikany çykardy.

Bu üstünlik Sonika hakynda oýunlaryň rannerleriň žanryna degişliligi bilen düşündirilýär, Sonic Dash-da bolsa bu mehanika has tapawutlylyk bilen amala aşyrylypdyr.

Sonic Dash-yň reliziniň başlanan pursadyndan esasy üstünlikleri:

  • Ähli platformalarda 100 milliondan gowrak ýüklenmeler;
  • 850 milliarddan gowrak toplanan altyn halkalar;
  • 123 million oýun wagty;
  • 4,5 milliard girip çykmalar;
  • 103 milliondan gowrak toplanan gyzyl reňkli halkalar;
  • Sonic Dash-y 1 aýyň dowamynda 14 milliondan gowrak adamlaryň oýnamgy;
  • 1,1, milliarda golaý adam oýnya girip çykan, bu bolsa Yerden Güne çenli 6 gezek baryp gelmekdir.