• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Real” 120 million ýewrony Pogba üçin tölärmi?

Football Italianyň habar bermegine görä, “Real Madrid” topary “Ýuwentusyň” ýarym goragçysy Pol Pogbany almaga synanyşýar. “Real” bu 23 ýaşly fransuz üçin 120 million ýewro çenli tölejegini aýdýar. Başga bir maglumatlara görä, “Real” onuň üçin 50 million tölejekdigini, şeýle hem ýarym goragçy Mateo Kowawiçi arenda bermekçi.

Geçen sezonda Pogba turinlileriň klubynyň düzüminde 49 oýun oýnady, 10 sany gol geçirdi we 14 sany gol peredaçalaryny ýerine ýetirdi.