• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Gün energiýasy bilen işleýän otly

Ýene – de birnäçe ýyldan Hindistanyň demir ýollaryndan Gün energiýasy bilen işleýän otlular ýörär. Bu barada ýurduň ylym we tehnalogiýa ministri  Harş Wardhan habarçylara beýanatynda gürrüň berdi.

Gün energiýasyndan ýerlikli peýdalanmak üçin otlynyň her wagonyna paneller ýerleşdiriler. Bu taslama geljekde ýurduň ulag ulgamynda gazylyp alynýan tebigy baýlyklary ulanmakdan halas eder. Ministriň aýtmagyna görä, Hindisanyň günortasyndaky Tamilnad ştatynyň Çennaý şäherindäki Tehnalogiýa institutynyň şahamçasy bilen otly wagonlaryny öndürýän “ Integral Coach Factory ” kompaniýasy bu ugurda bilelikde iş alyp barýar. Birinji tapgyrda Gün energiýasyny öndürýän paneller otlynyň elektrik energiýa bolan isleginiň 15 göterimini üpjün eder. Ýurduň Premýer – ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabineti alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmak barada taýýarlanan maksatnamany tassyklady. 2022 – nji  ýyla çenli ýurtda Gün energiýasyny öndürýän panelleriň umumy kuwwaty 100 gigawata deň bolar. Gün energiýasyndan peýdalanmak üçin 6 trillion rupiýa ( takmynan 100 milliard dollar ) möçberinde maýa goýmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda Madhýa – Pradeş ştatynda 75 megawat güýjünde dünýäniň iň iri Gün energiýasyndan peýdalanylýan elektrik bekedi gurlar. Onuň gurluşygynyň 2016 –njy ýylda tamamlanjakdygy aýdylýar.

Hindistanyň howasy alternatiw energiýa çeşmelerinden haýyrlanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýurtda ýylyň 300 güni güneşli bolýar.

Agza: Graf tarapyndan