• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Biziň galaktikamyzyň uly 3D görnüşli kartasy döredildi

Ýewropa kosmiki agentligi täze 3D ölçegdäki ýyldyzly kartasyny hödürlediler. Bu 2014-nji ýylda uçurylan “Gaýa” atly kosmiki gämisiniň 14 aýyndaky gözegçilikleriniň netijesi boýunça döredildi.

Karta biziň galaktikamyzy şekillendirip bar bolanlaryň içinde iň ulylarynyň biridir. Onda 1 milliarddan gowrak hem ýyldyzlaryň bardygy mälim edildi.

Bu ýygnalan maglumatlaryň uly göwrümliligine garamazdan bu bir biziň galaktikamyzda ýerleşýän uly bolmadyk toparyny şekillendirýändir. Onda diňe 1 prosentiniň tanyşdyrylyşydyr. Munda beýleki uly ýyldyzlaryň tanyşdyrylmagy hem adamzadyň birnäçe ýyl ösüş etmegine ol ýyldyzlar barada giňişleýin öwrenilmegine getirer. “Gaýa” kosmiki gämisiniň soňky geçirjek barlag wagtynyň ýyly azyndan 5,5 ýyla barabardyr. Ol her bir ýyldyzyň ýerleşişine, tizligine, ýagtylygyna we düzümine gözegçilik eder. Hemme ýygnalan maglumatlaryň ölçegi alymlaryň çaklamagyna görä 1 Petabaýtdan hem ýokary bolmagyna garaşylýar.