• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

IOS ulanyjylary adam organlarynyň donory bolup bilerler

Şu ýylyň güýz aýynda Apple kompaniýasynyň gadžetleriniň eýeleri özleriniň iOS operasion ulgamlaryny 10-njy wersiýa çenli täzeläp bilerler. Täze funksiýalardan başga, täze operasion ulgamda bir kiçijek, ýöne örän wajyp mümkinçilik barada golaýda mälim boldy. Apple kompaniýasy özüniň ulanyjylaryna birden ýogalan ýagdaýlarynda öz organlarynyň donorlary bolmaklygy teklip eder. Ony kabul etmek we ondan ýüz döndermekligi “Saglyk” atly resmi priloženiýanyň kömegi bilen ýerine ýetirip bolar.

Elbetde, bu mümkinçilik häzirki wagtda diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylarynda bolar. Bu ýurtda günde 20-den gowrak adam ýogalýar, olaryň köpüsi durmuşda wajyp organlarynyň birini peresadka etdirmäge garaşyp ölýärler. Eger-de, bu programmada meýletin donorçylaryň sany köpelse, onda belki-de birnäçe müň adamyň janyny halas edip bolardy. Ýöne köplenç beýle ýagdaýlardan adamlar ýüz dönderýärler. Şonuň üçin hem Apple kompaniýasy bu meselede donorlar üçin registrasiýany ýeňil we ýönekeý ýagdaýda ýerine ýetirip, kömek etmekligi ýüregine düwdi.

Stiw Jobs hem öň bir gezek bagyryny peresadka etdirip, halas bolandygyny hem belläp bolar. Jobs özüniň ýagdaýyna seretmezden, özi ýalylaryň sanawynda nobatynyň ýetmegi üçin ýeterlikli kän garaşmaly bolupdyr. ABŞ-da bu ýagdaýy pugta berk saklaýarlar, şonuň üçin hem sen ýönekeý adam bol, ýokary wezipeli bol, tapawudy ýok – ýeke-täk çykalga diňe öz nobatyňa garaşmaly bolýar. iOS operasion ulgamynyň täze funksiýasy donorçylaryň organlarynyň ýetmezçilik meselesini birnäçe ýyllaryň dowamynda çözer diýip umyt edýärler.