• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Robotlaryň ukyby artýar

Dü­kan­çy ro­bot­lar ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Po­mo­na şä­he­rin­de ro­bot­la­ryň ýa­ry­şy ge­çi­ril­di.

Oňa dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan on­lar­ça ro­bot gat­naş­dy. Ro­bot­la­ra bas­gan­çak­dan çyk­mak, aw­tou­lag sür­mek ýa­ly ýeňil bolmadyk iş­ler tab­şy­ryl­dy. Ola­ra bel­le­nen ýer­den geç­mek­le­ri üçin bir sa­gat wagt be­ri­ldi. Dün­ýä­niň dür­li ýe­rin­de ro­bot­la­ryň ara­syn­da bir­nä­çe ýa­ryş ge­çi­ril­ýär. Em­ma bu bäs­le­şi­giň olar­dan ta­pa­wut­ly ta­ra­py bar. Bu ge­zek ro­bot­la­ry adam­lar do­lan­dyr­ma­dy. Ola­ryň öz­le­ri ga­raş­syz ýag­daý­da he­re­ket et­di­ler. Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da ga­py­ny aç­mak, di­wa­ry deş­mek, kra­ny aç­mak we ýo­ly aras­sa­la­mak ýa­ly iş­ler hem ro­bot­la­ra tab­şy­ryl­dy.

“Kaist” bi­rin­ji bol­dy

Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Kaist” at­ly to­pa­ry bel­le­nen iş­le­riň äh­li­si­ni 44 mi­nut 28 se­kunt­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip, bi­rin­ji bol­ma­gy ba­şar­dy. Mer­ke­zi Flo­ri­da ýer­leş­ýän IHMC at­ly ro­bot­lar to­pa­ry ikin­ji ýe­ri eýe­läp, 1 mil­li­on dol­lar baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. ABŞ-nyň “Tar­tan” at­ly to­pa­ry­nyň ro­bo­ty üçün­ji ýe­ri eýe­läp, 500 müň dol­lar sy­lag al­dy. Bäs­le­şi­ge je­mi 24 to­par gat­naş­dy.

Dü­kan­çy ro­bot­lar

Ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ösen ýur­dy bo­lan Ýa­po­ni­ýa­da egin-eşik sa­tyl­ýan bir dü­kan­da ro­bot sa­ty­jy işe baş­la­dy. Bi­ler­men­ler onuň işi­ne ök­de­di­gi­ni, beý­le­ki sa­ty­jy­lar­dan kem däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Osa­ka şä­he­rin­de iş­le­ýän ro­bot­dan müş­de­ri­ler ho­şal. “Mi­na­mi” at­ly en­ja­myň öňün­de ka­me­ra we plan­şet ar­ka­ly müş­de­ri­niň bo­ýu­na se­re­dip, oňa haý­sy öl­çeg­dä­ki eşi­giň bol­jak­dy­gy­ny bil­ýär we onuň üçin iň la­ýyk eşi­gi saý­lap ber­ýär.

Gep­le­şip bil­ýän ro­bot

Şeý­le hem ýurt­da adam­lar bi­len gep­le­şip bil­ýän ro­bot ta­nyş­dy­ryl­dy. “NTT Docomo” at­ly fir­ma­nyň iş­läp dü­zen “Oha­nas” at­ly ro­bo­ty edil adam­lar ýa­ly, gün­de­lik gür­rüň­le­şip bil­ýär. Saz hem ça­lyp bil­ýän ro­bot ho­wa­nyň ýag­da­ýy we na­har bi­şir­mek ba­ra­da mas­la­hat­lar ber­ýär. El te­le­fon­la­ry, komp­ýu­ter­ler we plan­şet­ler bi­len ara­bag­la­ny­şyk sak­lap bil­ýän “Oha­nas” prog­ra­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li tä­ze­len­me­gi bi­len tä­ze gür­rüň­ler tap­ýar.

Agza: Sapa tarapyndan