• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Forduň” eplenýän welosipedi

“Ford” kompaniýasy ýoldaky çukanaklar barada eýesine duýduryş berýän “ Mode : Flex ” diýlip, atlandyrylan “ akylly” welosipedini hödürledi. Welosipediň öz motory we batareýasy bar. Bulardan başga-da “MoDe:Flex” – si aňsatlyk epläp bolýar. Welosipediň beýleki bit tapawutly tarapy onuň smartfon bilen ylalaşykly hereket etmek ukybydyr.

Eger-de degişli programmany ýükleseň, bellenen ýere baryp ýetmek üçin pedala näçeräk güýç sarp etmelidigni özi hasaplap çykarýar. Real wagt düzgznindäki  welosipedi dolandyrýan programma üpjünçiligi howa ýagdaýyna, ýol hereketine we dyknaşyga gözegçilik edýär. Galyberse-de, wolosipediň ulgamy ýollardaky päsgelçilikleri hem aňsatlyk bilen saýgarýar. Rulda oturdylan yrgyldy berýän abzal  sürüjä çukur barada duýduruş berýär. Bu welosiped 2016 – njy ýylda ilki ABŞ-da, soňra bolsa, Ýewropada satuwa çykar diýilip garaşylýar.

Agza: Graf tarapyndan